Müsüriň saýlanan ilkinji prezidenti Mursi berk howpsyzlyk çäreleri astynda jaýlandy

Mursiniň jynazasyna diňe maşgalasy we aklawçylary gatnaşdy

1220328
Müsüriň saýlanan ilkinji prezidenti Mursi berk howpsyzlyk çäreleri astynda jaýlandy

Müsüriň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidenti Muhammed Mursi berk howpsyzlyk çäreleri astynda paýtagt Kairde jaýlandy

Mursi, Medeniýet Nasr etrapçasyndaky Musulman doğanlar guramasynyň agzalarynyň gonamçylygyna jaýlandy.

Muhammed Mursi ýerli wagt bilen 05.00-da jaýlandy. Mursiniň jynazasyna diňe maşgalasy we aklawçylary gatnaşdy

Müsürde harby agdarlyşyk bilen wezipesinden çetleşdirlen 67 ýaşyndaky Mursi “içalylyk” etmekde aýyplanylýardy.

Müsüriň döwlet telewideniýesi Muhammed Mursiniň kazyýet diňlenşiginde ýogalandygyny habar beripdi

Mursinin ýürek aňyrysy sebäpli ýogalandygy öňe sürülýär.

Musulman doganlar guramasy bolsa Mursiniň bilkastlaýyn öldürlendigini öňe sürdi.

Gurama tarapyndan berlen beýanatda, Mursiniň ýogalmagy wakasy meselesi bilen arabaglanşykly halkara barlag komissiýasynyň döredilmegi barada çagyryş berildi.

Beýanatda, “Mursi diýseň agyr şertlerde tussaglykda saklanýardy. Ýarawsyzlygy üçin bejergi almak ýaly ýönekel hukugyndan mahrum edildi we ölüme terk edildi. Mursiniň ýogalmagyndan Müsüriň hökümeti jogapkär” diýildi.

 



Degişli Habarlar