Tramp “Eýran nebit tanerkerlerine hüjüm gurady” diýdi

Oman aýlagynda iki uly nebit tankerinde partlama bolupdy

Tramp “Eýran nebit tanerkerlerine hüjüm gurady” diýdi

 

ABŞ-nyň Prezdenti Donald Tramp Foks Nýus kanalyna beren beýanatynda Oman deňzindäki nebit tankerlerine hüjümiň Eýran tarapyndan guralandygyny aýtdy.

Tramp “Eýrany durdurup bilermisiňiz?” diýlen soraga “görersiňiz” diýip jogap berdi.

Tramp Ormuz bogazynyň ýapylmajakdygyny, ýapylan halatynda hem munyň köp wagt dowam etmejekdigini belledi.

Oman aýlagynda iki uly nebit tankerinde partlama bolupdy.

Tankerlerdäki 44 adamlyk ekipaž, Eýran tarapyndan halas edilip, Eýranyň Jask portuna alnyp gidilipdi.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Seko, Ýaponiýa ýük alyp barýan iki nebit tankerine Ormuz bogasynyň golaýynda hüjüm guralandygyny habar beripdi.

 

 



Degişli Habarlar