"Oman aýlagynda iki nebit tankerine guralan hüjümden Eýran jogapkär"

Maýk Pompeo Döwlet sekretarlygynda metbugata beren beýanatynda nebit tankerine guralan hüjüm hakynda durup geçdi

"Oman aýlagynda iki nebit tankerine guralan hüjümden Eýran jogapkär"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo düýn Oman aýlagynda iki nebit tankerine guralan hüjümden Eýranyň jogapkärdigini aýtdy.

Maýk Pompeo Döwlet sekretarlygynda metbugata beren beýanatynda nebit tankerine guralan hüjüm hakynda durup geçdi.

Eýranyň uzak wagtdan bari Ormuz bogazynda nebit akymyny bökdeýändigini, indi bolsa nebit tankerlerine hüjüm gurandygyny öňe süren Pompeo, soňky 2 aýdan bäri  Eýran tarapyndan guralandygy öňe sürülýän hüjümlere ünsi çekdi.

Pompeo, Oman aýlagyndaky iki nebit tankerine guralan soňky hüjümlerden hem Eýranyň jogapkärdigini nygtady.

Pompeo “Elimizdäki maglumatlara, hüjüm guramak üçin ulanylan ýaraglara seredenimizde Eýranyň jogapkärdigini görýäris. Sebitde şeýle çylşyrymly hüjümi guramak üçin ukyply bolan başga haýsydyr bir topar ýok. Şol hüjüm Eýranyň ABŞ-na we hyzmatdaşlaryna garşy gurap biljek howply hüjümlerinden diňe biri. Hüjümler deňiz gatnawyna, halkara parahatçylyga we howpsyzlyga wehim salýar” diýdi.

Oman aýlagynda düýn irden iki uly nebit tankerinde partlama bolupdy.

Tankerlerdäki 44 adamlyk ekipaž, Eýran tarapyndan halas edilip, Eýranyň Jask portuna alnyp gidilipdi.

 

 



Degişli Habarlar