“Ne Amerika ne-de Eýran şertnama baglaşmak üçin taýar”

“Men ABŞ- bilen Eýranyň arasynda şertnama baglaşmak üçin heniz irdigi barada pikir edýärin"

“Ne Amerika ne-de Eýran şertnama baglaşmak üçin taýar”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ne ýurdunyň ne-de Eýranyň şertnama baglaşmak üçin taýardygyny belledi.

Tramp, Twitter arkaly Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abeniň Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy we Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Tährana guran sapary barada garaýyş beýan etdi.

Şinzo Abeniň Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen duşuşmak üçin Eýrana sapar guramagyndan hoşaldygyny aýdan Tramp “Men ABŞ- bilen Eýranyň arasynda şertnama baglaşmak üçin heniz irdigi barada pikir edýärin. Ne Amerika ne-de Eýran şertnama baglaşmak üçin taýar” diýdi.


Etiketkalar: Donald Trump , Erdogan , şertnama

Degişli Habarlar