Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda bolýar

“Ýaponiýada sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçilik almaga taýar”

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda bolýar

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, resmi sapar bilen ýurduna gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kono Taro bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Zarif bilen Kono, Pars aýlagyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we Ýaponiýanyň Premýer ministri Abe Şinzonyň sapary hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Eýranyň halkyna garşy ykdysady taýdan söweş yglan edendigini aýdan Zarif, “Bu agyr şertlerde halkymyzyn durnuklylygy we bagtyýarlygy üçin görlen goşmaça çäreleri we maliýe syýasatlary ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kono hem, Premýer ministr Abeniň Eýran saparyny “taryhy sapar” hökmünde häsiýetlendirdi we saparyň sebitde dartgynlygyň gowşamagyny goşant goşjakdygyny belledi.

Dartgynlygyň ortadan aýrylmagynyň hemmeler üçin bähbitlidigini aýdan Kono, Ýaponiýanyň dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin elinden geleni etmäge taýardygyny nygtady.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe şu gün başlan Eýran saparynyň öňüsyrasynda beren beýanatynda, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyga alada bildirýändigini nygtady we “Ýaponiýada sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçilik almaga taýar” diýipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar