"Türkiýe bilen ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris"

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministriniň orunbasar Türkiýä guran sapary hakynda ýazmaça beýanat berdi

"Türkiýe bilen ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris"

 

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministriniň orunbasary Thomas Bareiss, “Türkiýe bilen ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris”diýdi.

Ministr Bareiss Türkiýä guran sapary hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Ankarada türk ýolbaşçylar bilen geçiren gepleşiklerinde Türkiýede nemes firmalary üçin maýa goýum mümkinçilikleri we esasan demir ýol pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Thomas Bareiss, Germaniýanyň Ykdysadyýet we Energetika ministri Peter Altmaeiriň,  Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeze 2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Berlinde geçiriljek 3-nji Türk-nemes energetika forumyna gatnaşmak baradaky çakylygyny gowşurlandygyny belledi.

Nemes hökümetiň syýahatçylyk pudagyndan jogapkär bolan Bareissiň Ankara guran iş saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hem möhüm gepleşikler geçirendigi nygtaldy

 

 

 



Degişli Habarlar