Mesrur Barzana hökümeti gurmak jogapkärçiligi berildi

Kanunlara görä, Mesrur Barzani 1 aýyň dowamynda hökümeti gurmaly

Mesrur Barzana hökümeti gurmak jogapkärçiligi berildi

Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani, hökümeti gurmak jogapkärçiligini Mesrur Barzana berdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanata görä, Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Barzani düýn sebitleýin mejlis tarapyndan sesleriň köplügi bilen premýer ministrligde dalaşgärlige hödürlenen Mesrur Barzana hökümeti gurmak jogapkärçiligini berdi.

Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky 111 kürsüli mejlisde düýn 97 halk deputatynyň gatnaşmagyndaky oturlyşykda geçirlen sese goýulşykda Yragyň Kürt Awtanomiýasynynyň ozalky başlygy Mesut Barzaniniň ýolbaşçylygyndaky Kürdistan Demokrat partiýasynyň premýer ministri Mesrur Barzani, 87 halk deputatynyň sesi bilen hökümeti gurmak üçin dalaşgärlige hödürlenipdi.

Kanunlara görä, Mesrur Barzani 1 aýyň dowamynda hökümeti gurmaly

 



Degişli Habarlar