Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy

Soňky 3 günde Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Russiýanyň guran hüjümlerinde jemi 28 adam ýogaldy

Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy düýn gije guran howa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar, düýn gije Idlib welaýatynyň günortasyndaky Kefer aýn, Has we Tebbiş obalaryna howa hüjümini gurady.

Howa hüjümlerinde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy.

Soňky 3 günde Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Russiýanyň Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy gury ýerden we howadan guran hüjümlerinde jemi 28 adam ýogaldy



Degişli Habarlar