Putin: "Russiýa Wenesuelada baza gurmak meýilleşdirmeýär" diýdi

Wladimir Putin, Sankt-Peterburg şäherinde halkara habarlar agentliginiň wekilleri bilen geçiren maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

1214392
Putin: "Russiýa Wenesuelada baza gurmak meýilleşdirmeýär" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Wenesuela esger ibermegi ýa-da ol ýerde baza gurmagy meýilleşdirmeýändiklerini belläp: "Wenesuelada rus harby hünärmenler, ozal gol çekişilen şertnamanyň çäginde ol ýerde iş alyp barýarlar" diýdi. 

Wladimir Putin, Sankt-Peterburg şäherinde halkara habarlar agentliginiň wekilleri bilen geçiren maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Eýran syýasaty bilen baglanşykly ABŞ bilen Russiýanyň tapawutly garaýyşlara eýedigini aýdan Putin: "ABŞ-nyň Eýran bilen bagly syýasatyny goldamaýarys. Eýran bilen geçirilen ýadro ylalaşygy bilen bagly soraglar bolup biler, emma näme üçin bulary maslahatlaşmaýarys? Ozal gurulan ähli zady ýumuryp, çözgüt gözlemäge mejbur dälsiňiz" diýip belledi. 

Wenesuela babatynda harby operasiýa sseraiýsini ýazgarýandyklaryny aýdan Putin: "ABŞ-nyň hyzmatdaşlaram harby operasiýany goldamaýar. Beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak örän uly we kämahal gynançly ýagdaýda netijelenip bilýär" diýdi. 

 



Degişli Habarlar