Tramp: “Dünýä Russiýanyň, Siriýanyň hökümetiniň we Eýranyň İdlibde edýän gyrgynçylygyna syn edýär”

Tramp bu barada Twitter arkaly habarnama ýazdy

1212966
Tramp: “Dünýä Russiýanyň, Siriýanyň hökümetiniň we Eýranyň İdlibde edýän gyrgynçylygyna syn edýär”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dünýä ýurtlarynyň Russiýanyň, Siriýanyň hökümetiniň we Eýranyň Siriýanyň İdlib welaýatynda asuda ilaty gyrmagyna synçy bolmagynda galýandygyny beýan etdi.

Tramp İdlibde günde orlarça adamyň gyrylmagyna sebäp bolan Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň hüjümleri hakynda Twitter arkaly habarnama ýazdy.

Tramp habarnamasynda: “Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň İdlib welaýatynda güýçli hüjümler guraýandygyny we asuda ilaty gyrýandygyny eşidýärin. Dünýä bu gyrgynçylyga synçy bolup galýar. Maksadyňyz näme, bu size nähili bähbit getirer? Duruň!” diýip ýazdy.

Siriýada geçen aý hökümete degişli güýçlerden we Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy güýçleriň zenanlar we çagalar bilen bilelikde asuda ilatdan 269 adamy öldürendigi habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar