ÝP-niň Germaniýadaky saýlawynda Ýaşyllar partiýasy 22 göterim ses aldy

Germaniýanyň “ARD” teleýaýlymynyň ses berenleriň arasynda geçiren sowalnamasyna görä Ýaşyllar partiýasy ses mukdaryny 11,1 göterim ýokarlandyryp, Ýewropa Parlamentinde 22 kürsi eýeledi

1208555
ÝP-niň Germaniýadaky saýlawynda Ýaşyllar partiýasy 22 göterim ses aldy

Federal Kansler Angela Merkeliň ýolbaşçylyk edýän Hristiýan Demokrat partiýasy 21,9, Hristiýan sosial jebislik partiýasy bolsa 6 göterim ses almagyň hötdesinden geldi.

Şuňa laýyklykda arkalaşyga girýän partiýalar jemi 27,9 ses aldy. Eýelän kürsi sanlary bolsa 28 boldy. Hristiýan demokrat partiýasynyň ses mukdary 2014-nji saýlawa görä 8 göterim aşaklady.

ÝP-niň saýlawynda Sosial demokrat partiýasynyň ses mukdary 11,7 göterim azaldy.

Ses mukdaryny 3,4 göterim ýokarlandyran aşa sagçy Germaniýa üçin alternatiw partiýasy 10,5 göterim ses alyp, ÝP-de wekilçiligini dowam etdirer.

İlkinji netijelere görä Germaniýada ÝP-niň saýlawyna bolan gatnaşyk 59 göterime barabar boldy.

2014-nji ýylda geçirilen saýlawda gatnaşygyň mukdary 48 göterime deň bolupdy.

 


Etiketkalar: #ÝP , #Germaniýa , #saýlawlar

Degişli Habarlar