Yrakda ýene-de köpçülikleýin mazarlar tapyldy

Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň eden–etdiliklerini derňeýän BMG-nyň wekiliýeti ýene-de 12 sany täze köpçülikleýin mazar tapdy

1207303
Yrakda ýene-de köpçülikleýin mazarlar tapyldy

Yrakda 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Türkiýäniň, Şwesiýanyň, Germaniýanyň we Saud Arabystanynyň hünärmenleriniň we razwedka gulluklarynyň goldaw bermegindäki BMG-nyň wekiliýeti, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň garamagyna hödürlän 2-nji habarnamasynda, DAIŞ-iň eden günälerini: “2014-nji ýylda Ýezidilere garşy hüjümler”, “2016-njy ýylda Mosulda eden jenaýatlary” we “2014-nji ýylda Tikritde öldürilen yrakly esgerler” diýip 3 topara aýyryp, ele aldy.

Yrakda ýene-de 12 köpçülikleýin mazaryň ýüze çykarylandygy we mazarlardan sud-medesina, fiziki we biologik subutnamalaryň alynandygy aýdylýan habarnamada, DAIŞ tarapyndan öldürilen adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen hem gepleşilip, delilleriň alynandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar