Tereza Meý partiýasynyň ýolbaşçylygyndan çekiljekdigini aýan etdi

Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý 7-nji iýunda partiýasynyň ýolbaşçylygyndan çekiljekdigini aýan etdi

Tereza Meý partiýasynyň ýolbaşçylygyndan çekiljekdigini aýan etdi

Konserwant partiýasynyň ýolbaşçylary bilen Premýer ministrlik binasynyň 10-njy otagynda duşuşyk geçiren Meý, duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda, 7-nji iýunda partiýasynyň liderliginden çekiljekdigini yglan etdi.

“Breksiti durmuşa geçirmezlik meniň üçin uly bir gynançdyr we şolar ýaly galar” diýen Tereza Meý, partiýanyň täze lideriniň saýlanýança çenli premýer ministr wezipesini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Takmynan 3 ýyl bäri premýer ministr wezipesinde işlän Meý, wezipesinden çekiljekdigini aýan edeninden soň, göz ýaş dökdi.

Meý, şu hepdäniň başynda beýan eden Breksit ylalaşygynyň kanun taslamasy sebäpli beýleki ministrler we deputatlar tarapyndan tankyt edilipdi.

Meýiň ÝB bilen ylalaşan Breksit ylalaşygy ýurdunyň parlamentinde ozal 3 gezek ret edilipdi.

Tereza Meýiň liderligindäki partiýanyň, ýurtda düýn geçirilen Ýewropa Parlamenti saýlawynda uly ýeňlişe sezewar galjakdygy çak edilýär.

Meý bilen şu gün gepleşikler geçiren partiýanyň beýleki ýolbaşçylarynyň, iňlis zenan syýasatça wezipesinden çekilmäge çagyrandyklary bellenýär.



Degişli Habarlar