Hytaýyň “Ýaogan-33” atly emeli hemrasy ýere gaçdy

“Sinhua” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä “Ýaogan-33” ýurduň Sansi welaýatyndaky Taiýuen kosmos bazasyndan “Long Marş” raketasy bilen uçuruldy

1207276
Hytaýyň “Ýaogan-33” atly emeli hemrasy ýere gaçdy

Uçurylmagyndan soň raketanyň birinji we ikinji tapgyrlary kadaly işlän bolsa, üçünji tapgyrda näsazlyklaryň ýüze çykandygy anyklanýar.

Üstünliksiz tamamlanan uçuryşdan soň raketanyň we emeli hemranyň galyndylary ýere gaçdy.

Galyndylaryň nirä gaçandygy barada maglumat berilmedi, emma waka boýunça derňew işi başladyldy.

Hytaýyň gözegçilikden çykan “Tiangong-1” kosmos bolsa bekedi geçen ýylyň aprel aýynda Günorta Ýuwaş umman tarapa gaçýarka atmosferada böleklere bölünipdi.

Hytaý uzak aralykdan duýuş hemralary, global lokolizasiýa we barlag hemralary, orbitada durnukly kosmos bekediniň gurluşygy, aýda barlag geçirmek, Marsy we Ýupiteri öwrenmek ýaly möhüm taslamalary bilen 2045-nji ýylda “älem giňişliginiň lideri” bolmagy maksat edinýär.



Degişli Habarlar