Britaniýada Breksit sese goýulşygy yza süýşürildi

Britaniýada, hökümetiň resmisi Mark Spenser, 7-nji iýundaky Breksit taslamasy bilen bagly geçirilmegi meýilleşdirilen sese goýulşygyň yza  süýşürilendigini habar berdi

Britaniýada Breksit sese goýulşygy yza süýşürildi

Britaniýanyň hökümeti, Ýewropa Bileleşiginden (ÝB) çykmak ylalaşygy bolan Breksit ylalaşygy bilen bagly düzülen täze kanun taslamasynyň hökümetiň başyndaky Konserwatiw partiýasynda jedelleşige sebäp bolmagyndan soň, sese goýulşygynyň yza süýşürilendigini beýan etdi.

Hökümetiň tarapdary Mark Spenser, parlamentde eden çykyşynda, taslamany 3-nji iýunda çap etmegi we 7-nji iýunda bolsa sese goýmagy meýilleşdirendiklerini, emma bu babatda ylalaşyk gazanmandyklaryny, täze senesi bilen bagly maglumaty bolsa soň mälim etjekdiklerini aýan etdi.

Oppozisiýadan Walerie Waz bolsa sese goýulşygyň yza süýşürilmegi bilen bagly Premýer ministr Tereza Meýiň wezipesinden çekilmeginiň basyş astyndadygyny göz öňünde tutup: “Premýer ministr ýene-de bir gezek syýasy geljegini milli bähbitleriň öňüne goýdy” diýip belledi.

Tereza Meý 4-nji gezek parlamente hödürlejek Breksit ylalaşygy bilen bagly täze kanun taslamasynyň düzümi babatynda 21-nji maýda beýanat beripdi. Meý, mundan başgada 2-nji gezek referendumyň geçirilip bilnjekdigini aýan edipdi.


Etiketkalar: Britaniýa , Breksit , Tereza Meý

Degişli Habarlar