Taýwan iki amerikan harby gämisiniň Taýwan bogazyndan geçendigini habar berdi

Taýwanyň Goranmak ministrligi, ABŞ-e degişli iki harby gäminiň düýn Taýwan bogazyndan geçendigini aýan etdi

Taýwan iki amerikan harby gämisiniň Taýwan bogazyndan geçendigini habar berdi

Ministrlik Amerikan gämileriniň Taýwan bogazyndan geçmek hukugynyň bardygyny beýan etdi.

Gämileriň bogazdan geçmegi bilen bagly bolsa Hytaý tarapyndan entek beýanat berilmedi.

ABŞ-e degişli harby gämiler iýul we oktýabr aýlarynda we geçen aý hem Taýwan bogazyndan geçipdi.

Resmi Pekin, Ýeke täk Hytaý ýörelgesini kabul edip Hytaýy halkara arenada diňe özleriniň wekilçilik edýändigini we Taýwanyň garaşsyzlyk yglan eden halatynda harby operasiýa gurap biljekdigini beýan edýär.

Hytaýda 1949-njy ýylda Mao Szedunyň hökümetiň başyna geçmegi bilen hökümetiň käbir agzalary Taýwana gaçyp adada garaşsyzlyk yglan edipdiler we “Milletçi Hytaý” diýip hem atlandyrylýan Taýwany esaslandyrypdylar.

Emma Hytaý Taýwanyň garaşsyzlygyny kabul etmändi.


Etiketkalar: Taýwan , Hytaý , gämi

Degişli Habarlar