Pakistan “Şahin-2” raketasyny synagdan geçirdi

Pakistanyň harby goşunlarynyň metbugat sekretary general Asyf Gafur “Şahin-2” raketasynyň synag atyşynyň üstünlik bilen amala aşyrylandygyny beýan etdi

Pakistan “Şahin-2” raketasyny synagdan geçirdi

Sosial media arkaly habarnama beren Gafur: “Şahin-2” gury ýerden gury ýere ballistiki raketa synag atyşymyz üstünlik bilen tamamlandy. Konwensional we ýadro uç götermäge ukyply bolan raketanyň aralygy 1,500 kilometr. “Şahin-2” Pakistanyň sebitleýin durnuklylyk syýasaty taýdan ýüzöwürdiji güýje eýe” diýdi.

Harby goşundan berilen beýannamada bolsa atyşyň Umman deňizindäki nyşana üstünlik bilen urandygy, synagyň ýokary derejeli harbylaryň gatnaşmagynda geçirilendigi habar berildi.

Pakistanyň Premýer ministri İmran Hanyň bolsa raketany öndüren we atyşy üstünlik bilen amala aşyran inženerleri hem-de esgerleri gutlandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar