Narendra Modiniň partiýasy parlament saýlawynda üstünlik gazandy

Hindistanda ýurdyň Premýer ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky Hindistan Halk partiýasy, ýurtda 7 aýry etapda geçirilýän parlament saýlawlarynda üstünlik gazandy

Narendra Modiniň partiýasy parlament saýlawynda üstünlik gazandy

Hindistanyň Saýlaw komissiýasyndan berilen ilkinji maglumatlara görä, Hindistan Halk partiýasy parlamentiň Halk mejlisindäki 542 oturgyjyň 299-syny gazandy we şeýlelik bilen bir özüniň hökümet gurmak üçin gerek bolan sana ýetdi.

Premýer ministri Modi saýlawyň netijesi bilen bagly özüniň Twitter hasabynda, ýurt hökmünde bilelikde güýçlenýändiklerini we asudalyga ýetendiklerini belläp: “Hindistan ýaňadandan gazandy!” diýdi.

Saýlawyň gutarnykly netijesiniň iň ir şu gün agşam aýan edilmegine garaşylýar.

Hindistanda dünýäniň iň uzak wagtlap dowam edýän saýlawy bolan parlament saýlawlary 7 aýry etapda geçirilýär we saýlawa bellige alynan takmynan 900 million saýlawçy gatnaşdy.



Degişli Habarlar