Hytaý ABŞ-e çagyryş berdi

Hytaýyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Taýwan bogazyna harby gämi ibermegi bilen bagly: “ABŞ-ny Bir Hytaý ýörelgesine bagly galmaga çagyrýarys” diýip belledi

Hytaý ABŞ-e çagyryş berdi

Ministrligiň metbugat sekretary Lu Kang, ýurdyň paýtagty Pekinde geçirilen metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň flotyna degişli iki gäminiň Taýwan bogazyndan geçmegine ýakyndan gözegçilik edendiklerini habar berdi.

“Mundan başgada bu mesele boýunça ABŞ-e aladalarymyzy ýetirdik. Taýwan meselesi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky iň möhüm we iň duýgur meseledir. ABŞ-ny Bir Hytaý ýörelgesine bagly galmaga çagyrýarys” diýen Lu Kang, ABŞ-e: “Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar bilen Taýwan bogazynyň parahatçylygyna we durnuklylygyna ýaramaz täsir ýetirmezligi üçin Taýwan meselesine ünsli ýagdaýda çemeleşmäge çagyrýarys” diýdi.

Taýwanyň Goranmak ministrliginden düýn berilen beýanatda, ABŞ-nyň iki harby gämisiniň Taýwan bogazyndan geçendigini habar beripdi we gämileriň Taýwan bogazyndan geçmek hukugyna eýedigini aýan edipdi.


Etiketkalar: Taýwan , ABŞ , Hytaý

Degişli Habarlar