Tramp: “Meksika ýalňyş edýär, ýakyn wagtda jogabyny bererin”

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Meksikanyň ABŞ-e bikanun geçişleri duruzmak üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini belläp: “Meksika ýalňyş edýär, ýakyn wagtda jogabyny bererin” diýdi

Tramp: “Meksika ýalňyş edýär, ýakyn wagtda jogabyny bererin”

Donald Tramp, resmi Twitter hasabyndan migrantlar we Meksikanyň bu babatdaky pozisiýasy bilen bagly beýanat berdi.

Tramp, ABŞ-e günorta serhetdäki bikanun geçişleri duruzmak üçin hiç zat etmeýändigini belläp, Meksikanyň bikanun göç bilen bagly çykdajylardan ABŞ-ly salgyt töleýjileriň jogapkär bolmagynyň gerekdigi barada pozisiýa eýeleýändigini nygtady.

Tramp: “Meksika ýalňyş edýär, ýakyn wagtda jogabyny bererin” diýip hemle atdy.

Orta Amerika ýurtlary bolan Gwatemala, Gonduras we Salwadordan ýoksullyk we bidüzgünçilikler sebäpli ýola çykan migrantlar, Meksika serhediniň üsti bilen ABŞ-e geçmäge synanyşýar.


Etiketkalar: Donald Tramp , Meksika , ABŞ

Degişli Habarlar