Meý Asada degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy

Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý Siriýada hökümetiň ýaňadandan himiki ýarag ulanandygy baradaky habarlary tassyklanan halatynda “degişli çäräniň” görüljekdigini aýtdy

Meý Asada degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy

Parlamentde geçirilen Premýer ministre soraglar mejlisinde hökümetiň Siriýanyň demirgazygyndaky İdlib welaýatynda himiki hüjümler gurandygy baradaky habarlar gün tertibine geldi.

Siriýada mundan ozal himiki ýarag ulanylandan Britaniýanyň Fransiýa we ABŞ bilen bilelikde hereket edendigini ýatladan Meý; “Himiki ýaragyň ulanylmagyny doly ýazgarýarys. ABŞ bilen ýakyn gatnaşygymyz bar, meseleler bilen ýakyndan gyzyklanýarys we himiki ýaragyň ulanylandygy anyklansa degişli çäre görüler” diýdi.

Meý Britaniýanyň Siriýanyň hökümeti meselesinde pozisiýasynyň mälimdigini nygtap: “Asadyň durnukly parahatçylygy üpjün edip bilmejekdigini pikir edýäris. Hökümeti bolsa öz halkyna garşy eden wagşylygy sebäpli legallygyny ýitirdi” diýdi.



Degişli Habarlar