Iňlis we rus metbugatynda Putiniň ekiz çagalarynyň bolandygy öňe sürüldi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň kaka bolandygy baradaky habarlar, rus we iňlis metbugatynda berildi

1206080
Iňlis we rus metbugatynda Putiniň ekiz çagalarynyň bolandygy öňe sürüldi

Iňlis The Daily Telegraph we Daily Mail gazetleri tarapyndan berilen habara görä, 66 ýaşyndaky Putiniň eýýäm ençeme wagt bäri bilelikdedigi gürrüň edilen 36 ýaşyndaky ozalky türgen Alina Kabaýewa, gowy goralýan hassahanalaryň birinde ekiz çagalar dogurandygy beýan edildi.

Habara görä, Alina Kabaýewa çagalary şu aýyň başynda ýurdyň paýtagty Moskwada örän gymmat we örän gowy goralýan hassahanada dogurdy.

Olimpiada oýunlarynda ençeme medal gazanan ozalky türgen Alina Kabaýewa, habarlar bilen bagly beýanat bermedi. Kabaýewa ýakyn bir çeşmeleriň biri bolsa: “Öňe sürmeler barada beýanat bermeýäris” diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa, Russiýada çap edilýän Moskowskiý Komsomolets gazedi hem, öňe sürmeler bilen bagly habary  internet saýtynyň üsti bilen çap etsede, habary gysga wagt soň saýtyndan aýyrdy.

Russiýanyň razwedka gullugyna ýakynlygy bilen tanalýan rus žurnalist Sergeý Kanew hem, Kabaýewanyň ekiz çaga dogurandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar