Eýranda tebigy hadysalar sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Eýranyň uly bölegine öz ýaramaz täsirini ýetiren sil apaty we ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany 22-ä ýetdi

Eýranda tebigy hadysalar sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar merkezi gullugynyň metbugat geňeşçisi Müjteba Halidi beren ýazmaça beýanatynda, Erdebil, Gündogar Azerbaýjan, Günbatar Azerbaýjan, Zenjan, Rezewi Horasan, Günorta Horasan, Çaharmahal-Bahtiýari, Yspahan, Kirmanşa, Fars, Huzistan, Kirman, Loristan, Merkezi, Kohgiluýe-Buýer Ahmed we Gilan welaýatlarynda 8-nji maýdan bäri dowam edýän tupan we aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli 22 adamyň ýogalandygyny, 52 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Halidi, ady agzalan adamlaryň 2-siniň silde, 20-siniň bolsa ýyldyrymyň çakmagy netijesinde ýogalandygyny aýan etdi.

Eýranda 17-nji martda başlan we takmynan 1 aý dowam eden ýagyşlarda bolsa 78 adam ýogalypdy, takmynan 1 müň adam bolsa ýaralanypdy.


Etiketkalar: ýyldyrym çakmak , ýagyş , sil , Eýran

Degişli Habarlar