Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Yragyň Selahaddin welaýatynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 11 terrorçy öldürildi

1205524
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Goranmak ministrligi terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen operasiýada 11 terrorçynyň öldürilendigini, 2 bombaly ulag bilen 13 sany kamikaze hüjümlerinde ulanylýan žilet bombalarynyň ele salynandygyny habar berdi. 

Ministrlik operasiýanyň sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin geçirilendigini mälim etdi. 

 


Etiketkalar: #Yrak , #DAIŞ , #operasiýa

Degişli Habarlar