“Ykdysady basyşlar we hemleler bilen Eýrany ýok edip bilmersiň”

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň hemlesine jogap berdi

“Ykdysady basyşlar we hemleler bilen Eýrany ýok edip bilmersiň”

 

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Eger Eýran söweşmek isleýän bolsa bu Eýranyň soňy bolar” diýen hemlesine jogap berdi.

Jawad Zarif Twitter arkaly beren beýanatynda “Tramp, “B toparynyň” meçew bermeleri bilen Makedon Şasy İskenderiň we Mangol Imperatory Çingiz Hanyň we  beýlekileriň amala aşyryp bilmedik islerişi etmek isleýär,  emma ähli basybalyjylar ýok boldy,  Eýran bolsa öz müň ýyldan bäri öz barlygyny dowam edirýär. Ykdysady basyşlar we hemleler Eýrany ýok edip bilmez”diýdi.

Zarif beýanatynda Trampa “ Eýana hemle atmagyň ýerine sarpa goýmaga synanş belki bu has bähbitli bolar” diýip ýüzlendi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, Ak Tamyň Milli Howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Boltony, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazasy Muhammed Bin Salmany we Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýidi Trampyň “B topary” hökmünde häsiýetlendirýär

 

 

 

 

 


Etiketkalar: hemle , basyş etmek , jogap , Eýran

Degişli Habarlar