Eýran baýlaşdyrylan uran önümçiligini dört esse artdyrdy

Behruz Kemalwendi, şeýlelik bilen birnäçe hepdäniň içinde Eýranyň uran ätiýaçlarynyň 300 kg serhedinden geçjekdigini habar berdi

Eýran baýlaşdyrylan uran önümçiligini dört esse artdyrdy

Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň metbugat geňeşçisi Behruz Kemalwendi, ýurdunyň düýnden başlap Natanz Ýadro merkezinde 3,67 derejesindäki baýlaşdyrylan uran önümçiligini 4 esse artdyrylandygyny habar berdi.

Behruz Kemalwendi, şeýlelik bilen birnäçe hepdäniň içinde Eýranyň uran ätiýaçlarynyň 300 kg serhedinden geçjekdigini habar berdi.

2015-nji ýylda gol çekişilen Eýranyň ýadro ylalaşygyna laýyklykda, resmi Tähran elinde 300 kg işlenen uran ýygnan mahaly muny daşary ýurda çykarmaga borçludy.

Eýran bu ylalaşyk bilen mundan başgada, baýlaşdyrylan uran göwrümini 3,67 göterim derejesinde saklamagy kabul edipdi. Bu mukdar ýadro ýaraglaryň öndürilmegi üçin gerek bolan 90 göterimlik derejeden örän pesdi.

2015-nji ýyldaky ylalaşykdan soň Eýran, uran ätiýajyny birtaraplaýyn häsýetde 15 ýyllyk möhlet bilen 98 göterimlik azaldyp, 300 kg çenli ýetiripdi. Ylalaşykdan ozal Eýranyň elinde 10 atom bombasyny öndürip boljak derejede uran ätiýajy bardy. Emma 300 kilogramlyk uran, ýadro bombany öndürmäge ýetmeýärdi.


Etiketkalar: Eýran , ýadro , atom , ýarag , ätiýaç

Degişli Habarlar