Amerikaly milýarder 400 talybyň 40 million dollarlyk bilim çykdajysyny tölär

"Wista Equitý Partners" atly firmanyň eýesi we 5 milliard dollarlyk emlagy bolan Smith, 2018-nji ýylda ABŞ-daky  iň afrikaly Amerikaly bolupdy

Amerikaly milýarder 400 talybyň 40 million dollarlyk bilim çykdajysyny tölär

 

ABŞ-da ýaşaýan asly afrikaly Amerikaly işewür we haýyr sahawady söýüji Robert, 2 uniwersiteti tamamlan 400 uçurymyň 40 million dollarlyk bilim çykdajysyny tölejekdigini aýtdy.

Robert Smith talyplaryň ýokary okuw jaýyny gutardyş dabarasynda eden çykyşynda 2019-njy ýylda uniwersiteti tamamlan 400 talybyň bilim çykdajysyny tölejekdigini aýtdy.

Robert Smith “Maşgalamyň we asly afrikaly Amerikaly nesilleriň meniň üçin döreden mümkinçiliklerini asla ýatdan çykarmaryn. Olaryň alyp baran göreşi, maňa ruhy taýdan goldaw berdi we uly üstünlik gazanmagymda esasy rol oýnady” diýdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 400 talybyň bilim çykdajysynyň 40 milliona golaýdygyny nygtaýar.

"Wista Equitý Partners" atly firmanyň eýesi we 5 milliard dollarlyk emlagy bolan Smith, 2018-nji ýylda ABŞ-daky  iň afrikaly Amerikaly bolupdy.

 


Etiketkalar: işewür adam , çykdajy , talyp

Degişli Habarlar