Hytaýda binanyň çökmegi netijesinde üç adam ýogaldy

Hytaýyň günortasynda bir binanyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 87 adam ýaralandy

1204709
Hytaýda binanyň çökmegi netijesinde üç adam ýogaldy

Şinhua agentliginiň berýän habaryna görä, Guangşi Juang awtonom sebitiniň Bose şäherindäki 3 gatly bir binanyň iň ýokarysynda ýerleşýän gije klubyň üçegi çökdi. 

Wakanyň bolan mahaly takmynan 100 adamyň bolandygy çak edilýän binada üçegiň çökmegi netijesinde şeýle hem 4 adam harabalyklaryň aşagynda galdy. 

Gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 90 adam hassahanalara gönükdirildi. 

Ýaralanan adamlaryň 3-si hassahanada ýogalan bolsa, 16 adamyň saglyk ýagdaýlarynyň tankydydygy mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #Hytaý , #Şinhua , #bina , #çökmek

Degişli Habarlar