"Eýran bilen söweşmek islemeýäris, emma haýsydyr bir howp abanan halatynda degişli jogaby bereris"

Eýranyň hökümetiniň sebiti dartgynlaşdyrmaga synanşýar

"Eýran bilen söweşmek islemeýäris, emma haýsydyr bir howp abanan halatynda degişli jogaby bereris"

Saud Arabystanynyň Daşary işlerden jogapkär Döwlet ministri Adil Al Jubeýr, ýurdunyň Eýran bilen söweşmek islemeýändigini, emma Eýran tarapyndan haýsydyr bir howp abanan halatynda degişli jogabyň beriljekdigini nygtady.

Jubeýr paýtagt Riýatda metbugata beren beýanatynda, Eýranyň hökümetiniň sebiti dartgynlaşdyrmaga synanşýandygyny nygtady.

Jubeýr Eýranly ýolbaşçylara, ýykyjy syýasatlaryndan ýüz öwürmegi, goňşuçylyk kadalaryna laýyklykda hereket etmegi we sebitiň içeri işlerine goşuşyşmazlyk barada çagyryş berdi.

Jubeýr “Eýranyň hökümetiniň bütin dünýäni dartgynlaşdyrmagynyň öňüniň alynmagy barada halkara jemgyýetçiligine çagyryş berdi.

Beýleki tarapdan Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna görä, Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň serkerdesi general Hüseýin Selami, söweş islemeýändiklerini emma söweş ähtimallygyna garşy taýardyklaryny belledi.

 

 



Degişli Habarlar