Owganystanda NATO-nyň guran howa hüjüminde 8 polis ýogaldy

Hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy

1203371
Owganystanda NATO-nyň guran howa hüjüminde 8 polis ýogaldy

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynda NATO degişli güýçler tarapyndan guralan howa hüjüminde 8 polis gullukçysy ýogaldy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda, Talibanyň agzalarynyň Helmand welaýatynyň Nahri Seraç etrabyndaky polis merkezine hüjüm etmeginden soň çaknyşygyň bolandygy nygtaldy

NATO degişli güýçleriň hem çaknyşykda owgan howpsyzlyk güýçlerine goldaw bermek maksady bilen guran howa hüjüminde 8 polisiň ýogalandygy, 15-niň ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýanatda hüjümde ýogalan terrorçylaryň sany barada maglumat berilmedi.

Hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy

Welaýat Şurasynyň başlygy Ataullah Afgan bolsa NATO degişli güýçleriň guran howa hüjüminde howpsyzlyk işgärlerinden 17 adamyň ýogalandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar