Putin Ýaponiýada Tramp bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy

Wladimir Putin Soçide beýannama berdi

Putin Ýaponiýada Tramp bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen G20-niň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek maslahatynda duşuşmaga taýardygyny aýtdy.

Soçide beýannama beren Putin Trampyň Osakada özi bilen duşuşyp biljekdigi baradaky sözlerine jogap berdi.

Iň golaý wagtdaky duşuşyk mümkinçiliginiň Osakada geçiriljek G20-niň maslahatynda dörejekdigini nygtan rus lider: “Eger Amerikan tarapy şeýle duşuşyklary dowam etdirmäge taýar bolsa, ozalam birnäçe gezek aýdyşym ýaly gepleşikleri Wena bilen birlikde ähli ýerde geçirmäge biz taýar” diýdi.

Ýaponiýada ilkinji gezek geçiriljek G20-niň maslahaty iýun aýynyň 28-29-y aralygynda guralar.

Tramp hepdäniň başynda beren beýannamasynda G20-niň maslahatynyň dowamynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen duşuşma niýetiniň bardygyny aýdypdy.



Degişli Habarlar