Keln şäherinde 2-nji Jahan urşundan galan üç bomba tapyldy

Germaniýanyň Keln şäherinde 2-nji Jahan urşundan galan üç bombanyň tapylandygy habar berildi

1201727
Keln şäherinde 2-nji Jahan urşundan galan üç bomba tapyldy

Longeriç etrapçasyndaky melleklerden birinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tötänleý tapylan biri 1 tonna, ikisi 500 kilogram jemi üç bombanyň ýok edilmegi üçin golaýda ýaşaýan 1200 adam öýlerinden çetleşdirildi.

500 inedördül metr meýdanda ilatyň çetleşdirilen ýerleriniň arasynda öýler, mekdepler we bir sany hassahananyň bardygy habar berildi.

Bombalar hünärmen toparlar tarapyndan ýaryldy. Golaýdaky köçeleriň we ýollaryň gatnawa ýapylmagy sebäpli gatnawda bökdençlikler ýüze çykdy.

Germaniýanyň käbirler ýaşaýyş ýerlerinde 2-Jahan urşundan galan partlamadyk köp sanly bomba tapylýar.

Şol bombalaryň ABŞ-nyň we Britaniýanyň başda durmagyndaky hyzmatdaş güýçleriň Germaniýa guran howa hüjüminde taşlanandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar