Russiýanyň Prezdidenti Putin ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo bilen duşuşdy

Putiniň Pompeo bilen Siriýada, Owganystanda, Eýranda, Demrgazyk Koreýada we Wenesuelada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Russiýanyň Prezdidenti Putin ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo bilen duşuşdy

 

Russiýanyň Prezdidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşdy.

Wladimir Putiniň Soçidäki  tomusky Boçarow Ruçeý kabulhanasynda bolan duşuşyk 1,5 sagat dowam etdi.

Kremliň Daşary syýasatdan jogapkär kömekçisi Ýuriý Uşakow duşuşyk hakynda beren beýanatynda, Russiýa bilen ABŞ-nyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy we gepleşikleriň tapgyrlaýyn ýagdaýda ýaňadandan başlamagyny isleýändigini aýtdy.

Duşuşykda ABŞ-nyň Russiýa goýan sanksiýalary meselesiniň seljerlendigini aýdan Uşakow, hem Russiýa sanksiýa goýup hem-de şol bir wagtda Russiýadan Amerikalylar üçin bähbitli bolan işleriň durmuşa geçirilmegini islemeginiň mümkin däldigini belledi.

Putin bilen Pompeonyň ýadro ýaraglarynyň azaldylmagy şertnamasy meselesini hem ara alyp maslahatlaşandygyny aýdan Uşakow, Putiniň ABŞ-nyň Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň Russiýanyň arzuw hyýallaryny puja çykarandygyna ünsi çekendigini nygtady.

Uşakow, Putiniň Pompeo bilen Siriýada, Owganystanda, Eýranda, Liwiýada, Demrgazyk Koreýada we Wenesuelada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşandygyny ýatlatdy.

Uşakow, “Putin, Owganystan meselesiniň çözülmeginiň beýle aňsat bolmajakdygyny, etabyň depgininiň gaty gowşakdygyny we Talibanyň täsirini artdyrandygyny nygtady we biz bu meselede ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli we Owganystanda güýç deňagramlylygy ýola goýulmaly” diýdi.

Türkiýäniň Russiýadan alçak S-400 howa goranyş ulgamy hakynda hem durup geçen Uşakow, “Amerikalylaryň Türkiýäniň S-400 şertnamasyndan ýüz öwürmegini isleýändiklerini bilýäris. Emma şertnamanyň durmuşa geçirliş etaby dowam edýär” diýip belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar