Eýran Trampa duýduryş berdi

Husameddin Aşina ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramapa “urşa tarap barýarsyň” diýip, duýduryş berdi

Eýran Trampa duýduryş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň geňeşçisi Husameddin Aşina ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramapa “urşa tarap barýarsyň” diýip, duýduryş berdi

Şol bir wagtda Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň başlygy bolan Aşina Twitter arkaly beren habarnamasynda resmi Waşingtonyň Tährana garşy alyp barýan syýasatynyň urşa sebäp bolup biljekdigine ünsi çekdi.

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Boltonyň “maksatnamalary” sebäpli Trampa duýduryş beren Aşina: “Donald Tramp Eýran bilen has amatly ylalaşyk gazanylmagyny isleýärdiň. Emma oňa derek urşa tarap barýan ýaly görünýäň” diýip ýazdy.

Boltony nazarda tutup Trampa: “Murta gulak assaň boljagyň şudyr” diýip ýüzlenen Aşina, urşa goşulan halatynda Trampyň 2020-nji ýyldaky saýlawda başarnyksyz bolma ähtimallygyny ýatlatdy.

Amerikan hökümeti 2018-nji ýylyň maý aýynda 2015-nji ýylda resmi Tähran bilen gol çekişilen ýadro ylalaşygyndan Eýranyň ballistiki raketa we sebitleýin maksatnamalary boýunça täze bir ylalaşyk gazanmak üçin çekilendigini beýan edipdi.

Soň resmi Tähranyň nebit eksportyny bökdeýji sanksiýalary güýje girizen ABŞ aprel aýynda-da Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “daşary ýurt terror guramalarynyň” sanawyna girizipdi.

Resmi Tähran Trampyň Tähran bilen gepleşikler üçin basyş edýändigini, emma Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Boltonyň Ysraýyl, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri bilen Eýrana garşy hereket edýändigini öňe sürýär.


Etiketkalar: uruş howpy , Donald Tramp , ABŞ , Eýran

Degişli Habarlar