Lawrow Koreý ýarym adasyndaky düşnüşmezligiň dialog arkaly çözüljekdigini aýtdy

Lawrow Soçide hytaýly kärdeşi bilen duşuşdu

Lawrow Koreý ýarym adasyndaky düşnüşmezligiň dialog arkaly çözüljekdigini aýtdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýurdy bilen Hytaýyň we ABŞ-nyň ýakyn dialogy ýola goýmagy netijesinde Koreý ýarym adasyndaky düşnüşmezlikleriň çözüljekdigini beýan etdi.

Lawrow hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen Soçide geçiren duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyn geçirdi.

Resmi Moskwa bilen Pekiniň halkara howpsyzlygyny hem-de durnuklylygy berkitmek üçin hyzmatdaşlyk edýändigini beýan eden Lawrow, iki ýurduň arasynda ösýän söwda gatnaşyklarynyň ýany bilen harby-tehniki hyzmatdaşlyga-da aýratyn üns berýändiklerini aýtdy.

Moskwa bilen Pekiniň Koreý ýarym adasyndaky şertleriň kadalaşmagy üçin bilelikde işleşmek boýunça ylalaşandygyny aýdan Lawrow: “Russiýa, Hytaý we ABŞ aralaryndaky üçtaraplaýyn dialogy ösdüren halatynda Koreý ýarym adasyndaky düşnüşmezlikler ýeňillik bilen çözüler” diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bolsa resmi Pekiniň ýadro ýaraglaryny goranyş syýasatyna laýyklykda iň pes derejede tutýandygyny nygtap, ýadro ýaragyny ulanmajakdyklaryna söz berdi.



Degişli Habarlar