BMG-nyň Baş sekretary Täze Zelandiýada terrorçylykly hüjümlere sezewar bolan metjitlere baryp gördi

“Terrorçylykly hüjümde ýogalanlary hatyralamak we hüjüme garşy size goldaw bermek üçin bu ýere geldim”

1201026
BMG-nyň Baş sekretary Täze Zelandiýada terrorçylykly hüjümlere sezewar bolan metjitlere baryp gördi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Täze Zelandiýada mart aýynda terrorçylykly hüjümlere sezewar bolan metjitlere baryp gördi.

Guterreş Nur we Linwood metjitlerinde musulman jemagatynyň wekilleri we hüjümleriň şaýatlary bilen duşuşdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Nur metjidinde sözlän sözünde “Terrorçylykly hüjümde ýogalanlary hatyralamak we hüjüme garşy size goldaw bermek üçin bu ýere geldim” diýdi.

Linwood metjidine baryp gül desselerini goýan Guterreş, hüjümçini kowalan weraýatlar tarapyndan gahryman yglan edilen Abdül Aziz bilen birlikde beýleki şaýatlar bilen duşuşdy.

Täze Zelandiýada Nur we Linwood metjitlerine 15-nji martda guralan terrorçylykly hüjümde biri türk raýaty bolmak bilen 51 adam ýogalypdy, 49 adam ýaralanypdy.

 

 



Degişli Habarlar