Belgiýa Saud Arabystanyna ýaragyň satylmagy baradaky kararyny ýaňadandan gözden geçirer

"Saud Arabystanyna ýarag satmakdan ýüz öwürip bileris”

1199938
Belgiýa Saud Arabystanyna ýaragyň satylmagy baradaky kararyny ýaňadandan gözden geçirer

 

Belgiýanyň fransuz dilinde ýaýlym berýän RTBF-ä beýanat beren Daşary işler ministri Didier Reýnders, “Ýemende bolşy ýaly käbir çaknyşyklarda Belgiýada öndürlen we Saud Arabystanyna eksport edilen ýaraglara gabat gelinen halatynda, Saud Arabystanyna ýarag satmakdan ýüz öwürip bileris” diýdi.

Belgiýada jemgyýetçilik guramalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan geçirlen ylmy barlagda, Saud Arabystanynyň Belgiýadan alan ýaraglarynyň Ýemendäki söweşde ulanylandygynyň ýüze çykandygy aýdylýar.

Saud Arabystanyna ýarag eksport edýän Walonýa sebiti, 2-nji oktýabrdaky žurnalist Jemal Kaşaykçy jenaýatyndan soň, Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň bes edilendigini mälim edipdi, emma Belgiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Walonýadan Saud Arabystanyna şu ýyl üç gezek harby enjamyň eksport edilendigini habar berdi.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Belgiýa , #ýarag , #satuw

Degişli Habarlar