"ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegini isleýäris"

Mogherini ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen bolan duşuşygynda seljerlen ugurlar hakyndaky soraglaryna jogap berdi

1200652
"ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegini isleýäris"

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegini isleýändiklerini aýtdy.

Mogherini Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB-niň Daşary işler geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Mogherini žurnalistleriň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen bolan duşuşygynda seljerlen ugurlar hakyndaky soraglaryna hem jogap berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo bilen bolan duşuşygynda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Mogherini “ÝB hökmünde Eýran meselesi bilen birlikde biz ähli kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegini isleýäris”diýdi.

 



Degişli Habarlar