Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralýan hüjümler dowam edýär

Idlibde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 163-i çaga, 105-i zenan bolmak bilen azyndan 565 adam ýogaldy

1199386
Idlibde çaknyşyksyz zolakda guralýan hüjümler dowam edýär

 

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň, Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlarynyň we Russiýanyň 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gazanylan Idlib ylalaşygyndan soň, Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran hüjümlerinde azyndan 565 adam ýogaldy.

Türkiýe, Russiýa we Eýran 2017-nji ýylyň maý aýynda Astana geçirlen maslahatda Idlibi we töwereklerini çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edipdi.

Türkiýe bilen Russiýa, Asada tabynlykdaky güýçleriň, ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirendigi sebäpli Idlib üçin goşmaça ylalaşyk gazanypdy.

2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Soçide gazanylan şol ylalaşyga garamazdan Asada tabynlykdaky güýçler tarapdarlarynyň ýardamlary bilen hüjümlerini dowam etdirdi.

Hüjümler Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda aprel aýynyň 25-26-sy aralygynda Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda geçirlen 12-nji maslahatdan soň has-da artdy we soňky 15 günden bäri güýçli çaknyşyklar dowam edýär.

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň, Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlarynyň we Russiýanyň Idlibde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 163-i çaga, 105-i zenan bolmak bilen azyndan 565 adam ýogaldy

Ady agzalýan döwürde azyndan 396 müň 480 adam öýüni terk etmeli boldy.



Degişli Habarlar