Fransiýada sary ýeňsizlileriň protest ýörişleri syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi

Fransiýa gelýän syýahatçylaryň sany 2,5 göterim azaldy

1198678
Fransiýada sary ýeňsizlileriň protest ýörişleri syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi

Fransiýada sary ýeňsizlileriň 5 aýdan gowrak wagt bäri geçirýän protest ýörişleri syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Fransiýanyň Milli hasabat we ykdysady işler institutynyň görkezijilerine görä, protest ýörişleri sebäpli esasan paýtagt Pariže gelýan daşary ýurtly syýahatçylaryň sany azaldy.

Üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende Fransiýa gelýän syýahatçylaryň sany 2,5 göterim azaldy.

Fransiýanyň Ykdysadyýet ministri Le Maire fewral aýynda beren beýanatynda, sary ýeňsizlileriň ýörişleriniň ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýändigini nygtapdy.

Ministr Maire başdan geçirilen wakalaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde ykdysady öşüşe 0,2 göterimlik ýaramaz täsirini ýetirendigini belläpdi.

Ýangyjyň nyrhynyň artdyrylmagy we ykdysady şertleriň agyrlaşmagy sebäpli başlan we Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy ýörişlere öwrülen sary ýeňsizlileriň protest ýörişleri 2018-nji ýylyň 17-nji noýabryndan bäri dowam edýär.

 

 



Degişli Habarlar