Brýusselde bomba howsalasy sebäpli 3 söwda merkezi boşadyldy

Howpsyzlyk güýçleri, partlaýjy maddalarynyň ýerini anyklaýan itler bilen barlaglaryny dowam etdirýär

1199246
Brýusselde bomba howsalasy sebäpli 3 söwda merkezi boşadyldy

 

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bomba howsalasy sebäpli 3 söwda merkezi boşadyldy

Brýusseliň içeri işler müdürliginiň ýolbaşçysy Oliwier Slosse, metbugata beren beýanatynda, söwda merkezlerine bomba goýlandygy hakynda gelip gowşan habarda soň, Woluwe, Docks we Anderlechç söwda merkezleriniň howpsyzlyk maksady bilen boşadylandygyny mälim etdi.

Söwda merkezleriniň töwereginde berk howpsyzlyk çarelerini gören howpsyzlyk güýçleri, partlaýjy maddalarynyň ýerini anyklaýan itler bilen barlaglaryny dowam etdirýär.

 

 

 



Degişli Habarlar