Pakistanda Lahor welaýatynda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Pakistanda Data Darbar aramgähiniň öňünde howpsyzlygy üpjün edýän Polisiýa işgärleriniň ulagyna garşy düýn guralan bombaly hüjümde ýogalan adamlaryň sany 11-e ýetdi

1198261
Pakistanda Lahor welaýatynda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýerli mediada berilýän habarlara görä, Penjap welaýatynyň paýtagty Lahorda düýn guralan hüjümde ýogalan 11 adamyň 5-si polisiýa işgäri, 1-i bolsa bolsa 13 ýaşyndaky çaga.

Hüjümde ýaralanan 26 adamyň bejergileri şäheriň hassahanalarynda dowam edýär.

Lahordaky Maýo hassahanasynda ýatan ýaralanan adamlaryň ýanyna baran Penjap welaýatynyň Premýer ministri Osman Buzdar, hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny, ýaralanan adamlara maddy taýdan goldaw beriljekdigini habar berdi.

Buzdar ýaralan adamlaryň ýagdaýlaryna görä 50 müň bilen 100 müň Pakistan rupiýasy arasynda pul kömeginiň beriljekdgini beýan etdi.

Beýleki tarapdan Penjap welaýatynyň Premýer ministrlik ofisiniň metbugat geňeşiçisi Şahbaz Gill, kamikaze hüjümçisiniň 15 ýaşyndaky bir erkek çagadygyny aýan etdi.

Resmiler düýn hüjümde 8 adamyň ýogalandygyny habar ebripdiler.

Hüjüme sezewar bolan Data Darbar aramgähi ýurdyň iň köp zyýarat edilýän aramgähleriniň biri.

Aramgähe 2010-nji ýylda guralan hüjümde hem 40 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Pakistan , #Lahor , #hüjüm

Degişli Habarlar