Nigeriýada 26 çaga halas edildi

Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýaragly toparlara garşy geçirilen operasiýada ozal zamun alynan 26 çaga halas edildi

1196695
Nigeriýada 26 çaga halas edildi

Katsina ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Gambo Isah, ştatyň Rugar Kindi obasynda ýaragly toparlara garşy operasiýanyň geçirilendigini habar berdi.

Isah, topar tarapyndan zamun alynan 26 çaganyň halas edilendigini mälim etdi.

Çagalaryň 7-14 ýaş aralygyndadygyny aýdan Isah: “Halas edilen çagalara her dürli ezýet berilipdir. Hatda halas eden mahalymyz ýaragly adamlar olary ýakmaga synanyşýardy” diýip belledi.

Isah operasiýanyň netijesinde köp sanda adamyň tussag edilendigini, köp mukdarda ok-däri ele salynandygyny beýan etdi.

Ýaragly toparlar wagtal-wagtal hüjümler gurap, sebitiň ýaşaýjylaryny zamun alýar.


Etiketkalar: #Nigeriýa , #çaga

Degişli Habarlar