Fransiýanyň Prezidenti Russiýanyň Ýewropa Geňeşinde galmagyny isledi

Fransiýanyň Prezidenti Emanuel Makron Russiýanyň Ýewropa Geňeşinde galmagyny isleýändigini nygtady

1196337
Fransiýanyň Prezidenti Russiýanyň Ýewropa Geňeşinde galmagyny isledi

Makron, Ýeliseý köşgünde Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Turbýorn Ýagland bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.  

Ýewropa Geňeşiniň 70-nji ýyllygyny gutlaýandygyny aýdan Makron: “Russiýanyň Ýewropa Geňeşinde galmagyny isleýärin. Ýewropa Geňeşiniň we Russiýanyň biri-birlerine zerurlyklary bar” diýdi.

Makron, Russiýanyň we Geňeşiň biri-birleriniň öňündäki jogapkärçilikleri ýerine ýetirmeginiň gerekdigini belledi.

Ýagland hem öz gezeginde Ýewropa Geňeşiniň 70-nji ýylyny bellemekden hoşaldyklaryny belläp, Geňeşiň we Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň sebitde möhüm rol oýnaýandygyny aýan etdi.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy basyp almagy sebäpli Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisindäki rus wekiliýetiniň ses bermek hukugy elinden alynypdy.

Russiýa bolsa muňa nägilelik bildirip, 2016-njy ýyldan başlap wekiliýet ibermezlik barada karar kabul etdi we Ýewropa Geňeşiniň ýyllyk 33 milliard ýewrolyk bolan býujetine pul bermegi ret etdi.



Degişli Habarlar