Stewo Pendarowski Demirgazyk Makedoniýanyň täze prezidenti boldy

"Men syýasy garaýşyna we etniki gelip çykyşyna garamazdan her bir adamyň prezidenti bolaryn”

1195499
Stewo Pendarowski Demirgazyk Makedoniýanyň täze prezidenti boldy

 

Demirgazyk Makedoniýada geçirlen prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda Makedoniýa Sosýal demokratlar bileleşiginiň dalaşgäri Stewo Pendarowski üstünlik gazandy

Saýlawdan soň partiýasynyň merkezi jaýynda çykyş eden Pendarowski, halkyň bu saýlawda birlikde ösmegi saýlap alandygyny belledi.

Demirgazyk Makedoniýanyň pajarlap ösmegi üçin elinden geleni etjekdigini nygtan Pendarowski, “Maňa her bir adamyň prezidenti bolmagym üçin uly jogapkärçilik beren ähli raýatlaryma sag bolsun aýdýaryn. Men syýasy garaýşyna we etniki gelip çykyşyna garamazdan her bir adamyň prezidenti bolaryn” diýdi.

Premýer ministr Zoran Zaew hem saýlawyň üstünlikli ýagdaýda geçendigini we Ýewropaly prezident saýlandyklaryny belledi.

Premýer ministr Zaew saýlawyň netijelerini raýatlaryň ýenişi hökmünde häsiýetlendirdi.

Saýlaw komissiýasynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Makedoniýa Sosýal demokratlar bileleşiginiň dalaşgäri Stewo Pendarowski sesleriň 51,66 göterimini, oppozisionerleriň dalaşgäri Gordana Silýanowska Dawkowa bolsa sesleriň 44, 73 göterimini aldy.

 

 



Degişli Habarlar