ABŞ-nyň Döwlet sekretary Ýewropa ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin bähbitleriň çäginde käbir Ýewropa ýurtlaryna sapar gurar

1193513
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Ýewropa ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus, Pompeonyň Ýewropa ýurtlaryna gurajak sapary bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Ortagus, Pompeonyň ilki bilen 6-njy maýda Finlýandiýa baryp Arktika geňeşiniň 11-nji Ministrler maslahatyna gatnaşjakdygyny, ondan soň Berline geçip Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Beýanatda, Pompeo we Merkeliň arasynda 7-nji maýda geçiriljek duşuşykda, Ukraina, Russiýa, Hytaý, Siriýa we Günbatar Balkanlar ýaly umumy aladalandyryjy meseleleriň ele alynjakdygy aýan edildi.

Beýleki tarapdan Pompeonyň 8-nji maýda Londona geçip, Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý we Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeremi Hant bilen global derejedäki we ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gyzyklandyrýan meseleleri maslahatlaşar.

Beýanata görä, Ýewropa saparynyň soňky gününde 9-njy maýda Grenlandiýa barjak Pompeo, ol ýerde Grenlandiýanyň Premýer ministri Kim Kielsen, Grenlandiýanyň Daşary işler ministri Ane Lone Bagger we Daniýanyň Daşary işler minstri Anders Samuelson bilen duşuşyklar geçirip, Demirgazyk polýusdaky umumy temalary we Grenlandiýa bilen has giňişleýin hyzmatdaşlyk meselelerini ele alar.


Etiketkalar: #ABŞ , #sapar , #beýanat , #Maýk Pompeo

Degişli Habarlar