"ABŞ-niň Ormuz bogazyny howply ýagdaýa getirmegine rugsat bermeris" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, ABŞ-niň Ormuz bogazyny howply ýagdaýa getirmegine rugsat bermejekdiklerini belledi

1193989
"ABŞ-niň Ormuz bogazyny howply ýagdaýa getirmegine rugsat bermeris" diýdi

Merkezi ofisi Katarda ýerleşýän Al Jazeera telewideniýesine beýanat beren Zarif, ABŞ bilen dartgynlygyň artmagynyň Eýranyň bähbidine bolmajakdygyny nygtap: "Basra aýlagy bilen Ormuz bogazy biz üçin örän möhümdigini açyk ýagdaýda aýtdyk. Biz ol ýerleriň Eýran bilen birlikde ähli ýurtlar üçin howpsyz we azat bolmagyny isleýäris. ABŞ Ormuz bogazyny biz üçin howply ýagdaýa getirmek üçin karar kabul etse, biz muňa rugsat bermeris" diýip belledi. 

Zarif: "Häzirki wagtda Sudanyň we Liwiýanyň içerki işlerine kim goşulýar? Haýsy ýurtlar Katary gabaw astyna aldy? Türkiýede kim agdarlyşyk synanyşygyny gurady? Bu ýurtlarda başdan geçirilen hadysalara ser salyň. Bu ýurtlaryň içerki işine Eýran goşulýarmy?" diýip nygtady. 

ABŞ-niň Orta Gündogardaky eden-etdilikleriniň sebiti ýumurýandygyny aýdan Zarif: "Prezident Donald Tramp, ABŞ-niň sebitimizde 7 trillion dollar sarp edendigini belledi. Sebitimizi ýumurdylar. Sebitde sebäpsiz we maksatsyz ýere ölen amerikalylaryň gany hem bularyň ellerine ýokdy" diýdi. 

 



Degişli Habarlar