Müsür bilen Hytaý kredit  şertnamasyny baglaşdy

Müsür 3 milliard dollarlyk kreditiň 834 million dollarlyk birinji bölegi üçin Hytaý bilen şertnama baglaşyldy

1191654
Müsür bilen Hytaý kredit  şertnamasyny baglaşdy

 

Müsür, paýtagt Kairiň gündogarynda gurluşygy dowam edýän täze dolanşyk paýtagtynda  merkezi iş zolagynyň gurulmagy üçin Hytaý bilen jemi 3 milliard dollarlyk kreditiň birinji bölegi üçin şertnama baglaşdy.

Müsüriň Gurluşyk ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, täze dolanşyk paýtagtynda merkezi iş zolagynyň gurulmagy üçin 3 milliard dollarlyk kreditiň 834 million dollarlyk birinji bölegi üçin Hytaý bilen şertnama baglaşyldy

Şertnama gol çekişlik dabarasyna Gurluşyk ministri Asym Al Jezzar hem gatnaşdy.

Kreditiň täze dolanşyk paýtagtynda uly  taslamalaryň gurluşygynda ulanyljakdygy ýatladyldy.

Müsüriň Prezidenti Abdulfetth As Sisi döwründe Kairiň gündogarynda gurluşygyna başlanan täze dolanşyk paýtagtynda 6,5 million adamyň ýaşajakdygy nygtalýar.

 


Etiketkalar: #Müsür , #Hytaý , #kredit , #şertnama

Degişli Habarlar