“ABŞ Demirgazyk Koreýa babatynda käbir ýurtlar bilen geňeşmeler geçirýär”

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk buýunça maslahatçysy Jon Bolton, ABŞ-niň Demirgazyk Koreýa babatynda käbir ýurtlar bilen geňeşmeler geçirýändigini habar berdi

1191867
“ABŞ Demirgazyk Koreýa babatynda käbir ýurtlar bilen geňeşmeler geçirýär”

Sputnikiň berýän habaryna görä, Fox News kanalyna interwýu beren Bolton, ABŞ-niň Russiýa, Hytaý, Günorta Koreýa we Ýaponiýa bilen Demirgazyk Koreýa babatynda geňeşmeleri dowam etdirýändigini mälim etdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen Yn bilen 3-nji duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdan Bolton: “Tramp özi bilen gowy gatnaşyklardadygyny pikir edýändigini ençeme gezek belläp geçdi” diýip nygtady.

Demirgazyk Koreýa bilen altytaraplaýyn formatdaky gepleşiklere ýaňadandan başlap-başlamajakdygy baradaky soraga jogap beren Bolton, bu formatyň geçmişde şowsyz bolandygyny, emma munyň ABŞ-niň beýleki ýurtlar bilen geňeşmeler geçirmeýändigi manysyny bermeýändigini belledi we birnäçe gün ozal Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen bolan duşuşygy mysal görkezdi.

“Hytaý, Russiýa, Günorta Koreýa bilen gepleşiklere dowam edýäris. Olar gepleşikleriň daşynda däl” diýen Bolton, emma Phenýanyň ABŞ bilen gepleşikleri bir-bire geçirmegi saýlaýandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar