ABŞ Wenesuelanyň Daşary işler ministrine sanksiýa goýdy

“Ady agzalýan şahyslara degişli ýada şol şahyslar bilen göniden ýada aýlawly ýollardan arabaglanşykly bolan firmalaryň ABŞ-daky emlaklary saklandy”

1190890
ABŞ Wenesuelanyň Daşary işler ministrine sanksiýa goýdy

 

ABŞ-nyň Gazna ministrligi Wenesuelanyň Daşary işler ministri Alberto Arreaza bilen Ýokary kazyýetiň kazylaryndan Karol Bealexis Padilla de Arreturetanyň sanksiýa sanawyna degişli edilendigini mälim etdi.

Gazna ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Ady agzalýan şahyslara degişli ýada şol şahyslar bilen göniden ýada aýlawly ýollardan arabaglanşykly bolan firmalaryň ABŞ-daky emlaklary saklandy” diýildi.

ABŞ-nyň Gazna ministri Stewen Mnuchin “ABŞ legal bolmadyk Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, Wenesuelanyň halkyny baýlyklaryndan we demokratiýa hukuklaryndan mahrum edilmegine birerwaý çemeleşip bilmez” diýdi.


Etiketkalar: #Wenesuela , #sanksiýa , #Gazna

Degişli Habarlar